2026-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda Wikipedia esaslandyrylan gününiň 25 ýyllygyny belleýär. Bu ýubileý ýylyň dowamynda bütin dünýäde dabaralandyrylar. "Wikipediýa meýletinçiler tarapyndan bütin dünýäniň adamlary üçin döredilen erkin ensiklopediýa baradaky uly maksatdan başlandy. Bu mümkin däl ýaly görünýärdi, ýöne çärýek asyryň dowamynda Wikipediýa iň meşhur bilimler hazynasyna öwrüldi" — diýlip, ensiklopediýanyň habarynda aýdylýar. “25 ýyl mundan ozal Wikipediýa amala aşyrylmasy kyn ýaly görünýän bir arzuwdy. Häzirki wagtda bolsa biz milliardlarça okyjyny we ýüz müňlerçe redaktory — höwesjeňleri, ýazyjylary, mugallymlary, dürli ugurlaryň hünärmenlerini we alymlaryny görýäris. Wikipediýa dünýäniň birinji derejeli maglumat çeşmesine öwrüldi. Emeli aň Wikipediýanyň esasynda öwrenýär, gözleg ulgamlary ony ilkinji hatarlarda görkezýär, akylly kömekçiler bolsa: 'Ine, Wikipediýadan tapan maglumatym...' diýip jogap berýärler. Mahabatlaryň we tölegli hyzmatlaryň adaty ýagdaýa öwrülen dünýäsinde Wikipediýa öňküsi ýaly mugt, bitarap, açyk we ynsanperwer bolmagynda galýar” — diýlip, web sahypada nygtalýar. 2026-njy ýylyň başyndaky ýagdaýa görä, Wikipediýada dünýäniň 340-dan gowrak dilinde 66 milliondan gowrak makala jemlenýär. Taslama dünýäde iň köp girilýän web sahypalaryň arasynda ýedinji (käbir çeşmelere görä – dokuzynjy) orunda durýar we şeýle ýokary reýtingli ýeke-täk täjirçilik däl (kommersiýa däl) çeşmedir. Ýubileý güni intellektual oýunlar we wiktorinalar bilen baýlaşdyrylan onlaýn baýramçylyk maksatnamasy geçiriler. Tomaşaçylara Wikipediýanyň dürli dillerde ösüş taryhy, iň gyzykly jedeller we gazanylan ylalaşyklar barada gürrüň berler. Şeýle hem, taslamanyň mazmuny esasynda taýýarlanan aýdym-sazly çykyşlar görkeziler. Dabara "Wikimedia" gaznasynyň saýtynda we Wikipediýanyň "YouTube" kanalynda alty dilde (arap, hytaý, fransuz, iňlis, portugal we ispan) göni ýaýlymda alnyp görkeziler.