12-nji ýanwarda daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjanyň ilçisi Gismet Gezalow bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň häzirki möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary we iň ýokary derejeli saparlary, şeýle hem iki doganlyk ýurduň liderleriniň hem-de wekilleriniň arasyndaky duşuşyklary guramak meselelerine aýratyn üns berildi. Diplomatlar şu ýyl üçin meýilleşdirilen çärelere, şol sanda Aşgabatda geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek barada pikir alyşdylar. Duşuşygyň barşynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek mümkinçilikleri hem jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu ýyl Türkmenistanda Azerbaýjanyň Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi bellenildi. Taraplar Gündogar senenamasy boýunça şu ýylyň At ýylydygyny we Türkmenistanda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at myradyň mekany» şygary astynda geçirilýändigini nygtap, atçylyk sungaty we atçylyk sport ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir