Alwaro Arbeloa Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellendi. 42 ýaşly hünärmen 12-nji ýanwarda klubdan giden Habi Alonsonyň ornuny çalyşdy. Ozal Arbeloa «Realyň» ýaşlar toparlary bilen işledi. Maýda bolsa «Kastilýanyň» tälimçisi boldy. Madrid kluby Habi Alonso bilen şertnamanyň taraplaryň ylalaşygy bilen ýatyrylandygyny yglan etdi. Bir gün öň «Real» Ispaniýanyň Superkubogynyň finalynda «Barselonadan» 2:3 hasabynda utuldy. «Habi Alonso hemişe «Madridiň» janköýerlerinde söýgi we buýsanç döreder, sebäbi ol «Realyň» legendasy bolup, klubumyzyň gymmatlyklaryny görkezdi. «Real Madrid» hemişe onuň öýi bolar. Klub Habi Alonso we onuň tälimçiler ştabyna häzire çenli btiren işleri we işe wepalylygy üçin minnetdarlyk bildirýär we olara durmuşyň täze tapgyrynda üstünlik arzuw edýär» — diýlip, klubuň habarynda aýdylýar. Marca neşiriniň maglumatlaryna görä, «Realyň» käbir oýunçylary tälimçiniň gidýändigi barada diňe klubuň resmi habaryndan bildi. Topar möwsümiň häzirki tapgyrynda şeýle çözgüdiň bolmagyna garaşmandy. Futbolçylar Alonsonyň, aýratyn-da, finaldaky täsirlerden soň öz ornuny saklap galjakdygyna ynanýardy. La Liganyň ýaryş jedwelinde «Real» 19 tapgyrdan soň 45 utuk bilen ikinji orny eýeleýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir