Berlinde 4 million kilogram ýeralma mugt paýlanýar. Bu aksiýa Berliner Morgenpost gazeti we Ecosia kompaniýasy tarapyndan geçirilýär. Olaryň maglumatlaryna görä, mugt ýeralmanyň agramy, takmynan, 800 uly piliň agramy bilen deňdir. Bu möçberden beýikligi, takmynan, 350 metr bolan diňi gurup, ýüzlerçe müň adamy naharlap bolýar. Ýokary hilli ýeralma häzir ähli şertleri berjaý etmek bilen Leýpsigdäki ammarda saklanýar, ýöne alyjy ýok diýip DW habar berýär. Munuň sebäbi soňky 25 ýylda iň ýokary hasylyň bolmagydyr. Germaniýada 13 million tonnadan gowrak ýeralma ýygnaldy, bu bolsa köpýyllyk ortaça görkezijiden 17% köpdür. Hyrydarlyk hödürlemäniň yzyndan ýetip bilenok we daýhanlar üçin hem hasyly uzak saklamak ýitgili bolýar. Şonuň üçin Saksoniýadan bir daýhan ýeralmanyň bir bölegini Berline ibermegi teklip etdi. Guramaçylar islendik gatnaşyja bir tonna ýeralma hödürleýär. Ony ybadathana guramalary, mekdepler, sport klublary, etrap kružoklary, sosial guramalar we şahsy adamlar alyp bilýär. Esasy maksat ýeralmany mätäçleriň arasynda paýlamakdyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir