Mermer deňzinde 51 ýyl ozal heläkçilige uçran uçaryň kabinasy tapyldy. Türkiýeli bloger we gözlegçi Nedim Kuru deňiz düýbünde 1975-nji ýylda heläkçiligi başdan geçiren Turkish Airlines-yň ýolagçy uçarynyň böleklerini tapdy diýip, NTV teleýaýlymy habar berýär. Kuru suwa giden Fokker F-28 uçaryny eýýäm köpden bäri gözleýär. Uçar howa menzilinde elektrik energiýasy bilen bagly näsazlyk sebäpli Stambulda gonup bilmedi we ikinji aýlawy etmeli boldy. Dumanda hereket wagty uçar näbelli sebäp bilen suwa gaçdy, 42 adam heläk boldy. Şol wagt ösen tehnikanyň ýokdugy sebäpli uçaryň böleklerini tapmak başartmady. Soňky ýyllarda fýuzelýažyň bölekleri balykçylaryň torlary bilen çykyp başlady. Bu hem Kuruny Stambulyň Ýewropa bölegindäki Býuýukçekmeje we Ambarly etraplarynyň kenarynda gözleg işlerini dikeltmäge oýardy. Ol suwasty dronlaryň, sonarlaryň we beýleki enjamlaryň kömegi bilen takyk ýeri kesgitläp, 80 metr töweregi çuňlukda uçarmanlaryň kabinasyny tapdy hem-de döwük bölekleriň aýdyň suratlaryny aldy. Indi topar uçaryň gara gutyny saklaýan guýrugyny gözlemegi meýilleşdirýär. Eger ony iş ýagdaýynda tapyp bolsa, heläkçiligiň takyk sebäbini bilmek başartsa gerek.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir