Steam sanly distribusiýa hyzmaty bir wagtyň özünde onlaýn bolan ulanyjylaryň sany boýunça täze rekord goýdy. 2026-njy ýylyň 11-nji ýanwarynda Aşgabat wagty bilen 19:00 töweregi 42 milliondan gowrak adam onlaýn boldy – Steam-iň resmi maglumatlary boýunça 42 020 941 we SteamDB statistikasy boýunça 42 042 778. Öňki rekord bary-ýogy bir hepde ozal, 4-nji ýanwarda goýlupdy. Şol wagt iň ýokary onlaýn derejesi 41,8 million adamdan gowrak boldy. Olardan 13 milliondan gowrak ulanyjy bir wagtda oýun oýnady – bu ýakyndaky 13,4 million görkezijiden sähel azdyr. Iň ýokary derejede iň meşhur oýunlar Counter-Strike 2, Dota 2 we PUBG: Battlegrounds boldy. Bäşlige Arc Raiders we Apex Legends hem girdi. Öňki rekordlardan tapawutlylykda, täze rekord möwsümleýin arzanladyş ýa-da haýsydyr bir uly täzeligiň çykmagy bilen baglanyşykly däldir. Steam durnukly ösüşi görkezýär. Deňeşdirmek üçin: 2025-nji ýylyň ýanwarynda iň ýokary onlaýn derejesi 39,3 million, 2021-nji ýylyň ýanwarynda bolsa 25,4 million ulanyja ýetdi.