Geljegiň awtoulaglaryna häzirki modellerdäki ýaly hemişelik ulanylýan tegelek rullar gerek bolmaz. Autoliv we Tensor öndürijileri şeýle hasaplaýarlar. Olar dünýäde ilkinji gezek köpçülikleýin öndüriljek sürüjisiz awtoulaglar üçin niýetlenen ýygnalýan ruly hödürlediler. Autoblog neşiriniň habar bermegine görä, bu täzelik ilkinji gezek 2026-njy ýylyň ikinji ýarymynda önümçilige goýberilmegi meýilleşdirilýän Tensor Robocar modelinde peýda bolar. Tensor Robocar — bu 4-nji derejeli awtopilot bilen üpjün edilen awtoulagdyr. Ol hem doly awtonom hereket etmek, hem-de el bilen dolandyrylmak üçin niýetlenendir. El bilen dolandyryş režiminde rul adaty görnüşde işleýär, ýöne awtonom (sürüjisiz) režime geçende bolsa, ol doly ýygnalyp aýrylýar. Işläp düzüjiler sürüjisiz awtoulaglardaky däp bolan rul ulgamlarynyň artykmaçlyk edýändigini we salonyň giňligini çäklendirýändigini belleýärler. Awtomatlaşdyryş derejesi ýokarlanyp, awtoulag özbaşdak hereket edende, adamyň dolandyrmagyna niýetlenen elementler rahatlygyň derejesini peseldýär. Şol sebäpli hem interýer dizaýnyna bolan çemeleşme üýtgeýär. Rul gönüden-göni Tensor Robocar-yň dolandyryş ulgamyna birikdirilendir. Awtoulagyň belli bir şertlerde ähli sürüş wezipelerini özbaşdak ýerine ýetirýän 4-nji derejeli režimi işjeňleşende, rul doly içeri çekilýär. Bu bolsa salonda goşmaça boş ýer döredýär we onuň ulanylyş mümkinçiliklerini giňeldýär. "Öň ýygnalýan rullar diňe konsept-karlarda (taslama modellerinde) bardy — indi bolsa biz bu innowasiýany gündelik durmuşda ulanmak üçin seriýaly awtoulaglara girizýäris" diýip, öndürijiler bellediler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir