Netflix platformasy meşhur “Gara aýna” (Black Mirror) antologiýa serialynyň sekizinji möwsüminiň düşüriljekdigini tassyklady. Bu barada taslamanyň döredijisi Çarli Bruker Netflix Tudum neşirine beren interwýusynda mälim etdi diýip, Variety habar berýär. Serialyň şou rannery (baş awtory) eýýäm täze bölümleriň ssenarileriniň üstünde işläp başlandygyny aýtdy. "Men "Gara aýna" serialynyň hakykatyň oňa ýetip biljek wagtynda dolanyp geljekdigini tassyklap bilerin. Şonuň üçin bu örän tolgundyryjy. Beýnimiň şol ideýalar üçin jogap berýän bölegi eýýäm işjeňleşdi we doly güýjünde işleýär" — diýip, Bruker belledi. Täze epizodlar barada jikme-jik maglumat bermedik Bruker, döredijilik prosesini aýdym-saz albomyny ýazgy etmek bilen deňeşdirdi: "Täze wakanyň üstünde işleýän wagtyňyz, bu peýdaly pikir synagydyr. Men köplenç şeýle pikir edýärin: 'Biz heniz näme etmedik we men nähili ruhy ýagdaýy gözleýärin? Bu aýdym albomyň niresinde ýerleşer we haýsy saz ugruna tarap gideris?' Göreris. 'Gara aýna' serialynda şadyýan oba oturylyşygyny (kanteri-party) görmegiňiz gaty mümkin däl" — diýip, şounyň döredijisi nygtady. “Gara aýna” serialynyň ýedinji möwsümi 2025-nji ýylyň aprelinde ekrana çykypdy. Brukeriň aýtmagyna görä, ýedinji möwsüm serialyň "nusgawy" formatyna has ýakyn boldy. Ýatladyp geçsek, altynjy möwsümde tehnologiýa temalaryndan sowlup, has köp gorky (horror) elementlerine üns berlipdi.