Lexus ýapon bazary üçin 2026-njy model ýylynyň täzelenen IS sedanyny hödürledi. Awtomobil doly täzelenmedi, esasy üýtgeşmeler interýere we dolandyryş sazlamalaryna degişli boldy. Sedan gaýtadan işlenen elektrik rul dolandyryş ulgamyna, sähel üýtgedilen daşky keşbe we F Sport wersiýalary üçin täze yzky spoýlere eýe boldy. Salon öňküden düýpli üýtgedi: Lexus öňdäki paneli we merkezi konsoly täzeledi. Her biriniň diagonaly 12,3 dýuým bolan iki ekran oturdyldy: sanly enjam paneli we mediaulgam. Şeýle-de, Lexus täze F Sport Mode Black V ýörite wersiýasyny hödürledi. Ol süýme BBS tigir diskleri, gyzyl reňke boýalan tormoz supportlary we salon bezegi bilen tapawutlanýar. Ýaponiýada täzelenen IS300h üçin bahalar 5,8 mln ýenadan (takmynan, 40 müň dollar), Mode Black V üçin bolsa 6,75 mln ýenadan (46,5 müň dollar) başlaýar. Mundan başga-da, Lexus aerodinamiki elementleri, täze diffuzory we sport gaz çykarýan ulgamy öz içine alýan TRD aksessuarlar toplumyny hödürledi.