"Dior" meşhur fransuz moda öýi britaniýaly aktýor Joş O'Konnory özüniň täze ambassadory wezipesine belledi. Ol indi futbolçy Kilian Mbappe bilen birlikde Dior-yň beýleki ambassadorlarynyň hatarynda çykyş eder. Aktýoryň bu wezipä bellenmegine Dior-yň döredijilik direktory Jonatan Anderson sebäp boldy. O'Konnor 2017-nji ýyldan bäri Anderson bilen hyzmatdaşlyk edýär. Ondan öň bolsa ol Loewe-niň ýüzi hökmünde tanalýardy. Öz wagtynda ol J.W. Anderson görkezişlerine gatnaşypdy. 2025-nji ýylyň iýun aýynda Anderson Dior-yň baş döredijilik direktory wezipesini eýeläpdi. Moda öýüniň beýanatyna görä, Dior Joş O'Konnory Jonatan Andersonyň kolleksiýalarynyň täze ýüzi hökmünde görmäge şat. Aktýor «Täç» ("Корона") teleserialynda şazada Çarlzyň keşbini janlandyryp, iň gowy aktýor hökmünde "Altyn globus" baýragyna mynasyp boldy. Onuň filmografiýasyna şeýle hem Fransis Liniň «Hudaýyň ýeri» we Luka Guadagninonyň «Dalaşgärler» filmleri girýär. Aktýoryň bu keşpleri janlandyranda Anderson tarapyndan döredilen eşikleri geýendigini-de bellemek gerek. Geçen ýyl bolsa O'Konnor «Hanjary getiriň: Merhumyň direlişi» atly detektiw filmde baş keşbi janlandyrdy.