«Bain» we «Altagamma» konsalting firmalarynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň dowamynda dizaýnerçilik harytlarynyň 35%-den 40%-e çenlisi uly arzanladyşlar bilen satyldy. «Financial Times» gazeti bolsa, şu ýylda bu görkezijiniň ozalkydan, 5 göterim dagy ýokary bolmagyna garaşylýandygyny ýazýar. Bu ýagdaý pandemiýany hasaba almanyňda, brendleriň soňky 15 ýylda iň pes girdeji gazanmaklaryna sebäp boldy. Dura-bara alyjylaryň häsiýeti-de üýtgeýär. Indi köp müşderiler lýuks harytlary brendleriň öz butiklerinde doly bahadan däl-de, arzanlaşyk harytlary satýan dükanlardan almagy saýlaýarlar. Lýuks harytlaryň global ugurlary boýunça ýolbaşçysy Klaudiýa D'Arpizionyň pikiriçe, bu tendensiýanyň üsti bilen, lýuks segmentinde önümiň bahasynyň hem-de onuň hakyky gymmatynyň arasyndaky çaprazlygy ýiti duýmak mümkin. Hut şu ýagdaý zerarly pudakdaky iş girdejileri-de, takmynan 15-16% -e çenli azaldy. Şol bir wagtyň özünde, alyjylar has elýeterli ýaş brendlere we täze dizaýnerleriň işlerine gitdigiçe köp ýüzlenýärler. Üýtgeýän islege jogap hökmünde, Kering we LVMH ýaly iri moda toparlary marketing çykdajylaryny azaltmak, girdejisiz dükanlary, esasanam Hytaý bazaryndakylary ýapmak, diňe derejä we tanalýan logotiplere däl-de, alyjylaryň häzirki wagtdaky hereketlerine we isleglerine has köp üns bermek arkaly öňde goýan iş maksatlaryny täzeden gözden geçirýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir