Ýanwar aýynyň ikinji ongünlüginde Hazaryň türkmen kenarynda suw we batga guşlarynyň gyşky sanawy geçirilýär. Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň başlygy Sähetmyrat Mämmedow, biologiýa ylymlarynyň doktory, ornitolog Eldar Rustamow hem-de Hazar goraghanasynyň meýletin maslahatçysy, ornitolog Aleksandr Şerbina bilen bilelikde suw-batgalyk ýerlere baha bermek we ylmy taýdan öwrenmek, guşlaryň gyşky sanawyny geçirmek işleri amala aşyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, gözegçilik we sanaw işleri suw giňişliginde kiçi göwrümli asma motorly gaýyklary ulanmak, gury ýerde (kenar ýakalarynda) awtoulaglar arkaly we pyýada ýerine ýetirilýär. Guşlaryň möwsümleýin göçüşlerini (migrasiýasy) bellige almak işleri goraghananyň meýdanlarynda, şeýle hem onuň daşynda belli bir nokatlarda olaryň uçup geçýän ugry, görnüşleri we sany bellige alnyp, zerur maglumatlar toplanylýar. Suw we batgalyk hem-de gury ýer guşlary demirgazyk döwletlerden (Russiýa, Gazagystan we beýlekiler) Hazar deňziniň türkmen böleginiň ähli ýerlerine, ýagny Garabogaz şäherinden başlap, tä Esenguly etrabynyň Çekişler, Aýym, Garşy kenarýaka saý suwlarynda we Eýran Yslam Respublikasynyň serhedine çenli aralykda hem-de Hazar deňziniň türkmen böleginiň kenar ýakalarynda, Türkmenbaşy, Balkan, Demirgazyk Çeleken aýlaglarynda arly gyşy geçirmek üçin galýarlar. Mälim bolşy ýaly, 1967-nji ýyldan bäri, dünýäniň 100-den gowrak ýurtlarynda bir wagtda, ýagny ýanwar aýynyň 2-nji ongünlüginde suw we batga guşlarynyň gyşky sanawy geçirilýär. Hazar deňziniň türkmen böleginiň suwly, batgaly ýerleriniň kenarlarynda almabaş, gyzylbaş, garamtyl, kekilli garamtyl, ýaşylbaş, sykylykçy jünekeý ördekleriniň we beýleki suw guşlarynyň birnäçe görnüşlerine gabat gelmek bolýar. Suwda ýüzýän we batgalyk guşlarynyň gyşlamagynda Hazaryň türkmen kenarýakalarynyň halkara ähmiýetini nazarda tutup, 1971-nji ýylda Türkmenbaşy we Demirgazyk-Çeleken aýlaglary gymmatly suw-batgaly haýyrlanýan ýerler hökmünde Ramsar Konwensiýasynyň sanawyna girizildi. Eýýäm 1976-njy ýylda Hazar döwlet tebigy goraghanasy Tebigaty goramagyň Halkara Birleşigi tarapyndan ýörite Diplom bilen sylaglandy. Türkmenistan özbaşdak döwlet hökmünde 2008-nji ýylda Ramsar Konwensiýasynyň sanawyna täzeden goşuldy.