22-nji ýanwarda Aşgabat şäherinde howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygyna bagyşlanan halkara maslahat geçiriler. Bu barada FAO-nyň (BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň) metbugat gullugy habar berdi. Bu forum «Bitewi saglyk» («One Health») çemeleşmesiniň esasynda howanyň üýtgemegi, oba hojalygy we saglygy goraýyş ulgamlarynyň arasyndaky özara baglanyşygy ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm gepleşik meýdançasy bolar. Häzirki wagtda howanyň üýtgemegi we onuň bilen bagly ýüze çykýan töwekgelçilikler ýurtlaryň azyk ulgamlaryny täze döwrüň talaplaryna uýgunlaşdyrmagy talap edýär. Bu çylşyrymly meseleleri çözmekde «Bitewi saglyk» çemeleşmesi iň netijeli ýollaryň biri hasaplanýar. Bu usul adamyň, haýwanlaryň we ekoulgamlaryň saglygyny bir bütewülikde kabul edip, olaryň arasyndaky durnukly deňagramlylygy saklamaga gönükdirilen toplumlaýyn konsepsiýadyr. Bu çemeleşme jemgyýetiň dürli gatlaklaryny, pudaklaryny we ylmy ugurlaryny birleşdirýär. Onuň esasy maksady arassa suwa, energiýa, howa we ýokumly azyk önümlerine bolan islegi kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, ekoulgamlara abanýan wehimleriň öňüni almak we durnukly ösüşi üpjün etmekdir. Oba hojalyk we azyk senagatynda «Bitewi saglyk» çemeleşmesiniň ornaşdyrylmagy azyk howpsuzlygyny berkitmek, esasan hem ilatyň sagdyn iýmitlenmegini gazanmak üçin örän möhümdir. Mundan başga-da, iýmitleniş kadalaryny göz öňünde tutýan durnukly önümçilik ulgamlarynyň döredilmegi iýmit ýetmezçiliginiň ähli görnüşlerini doly aradan aýyrmaga mümkinçilik berýär. Aşgabatda geçiriljek bu maslahat 2013-nji ýyldaky London sammitiniň we 2025-nji ýylyň noýabrynda Braziliýada geçirilen COP30 maslahatynyň çäklerinde kabul edilen netijelere esaslanýar. Forum gatnaşyjy ýurtlara has durnukly we dürli täsirlere dözümli azyk ulgamlaryny kemala getirmegiň täze ýollaryny öwrenmäge mümkinçilik berer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir