NASA Crew-11 kosmos gämisiniň ekipažyny 15-nji ýanwarda Ýere gaýtaryp getirmegi meýilleşdirýär. Bu barada agentligiň metbugat gullugy X sosial media platformasynda habar berdi. Crew-11 missiýasy Halkara kosmos stansiýasynda 2-nji awgustdan bäri işleýär. NASA kosmos gämisiniň Halkara Kosmos Stansiýasyndan aýrylmagynyň 14-nji ýanwara meýilleşdirilýändigini belledi. Onuň 15-nji ýanwarda Kaliforniýanyň kenarynda suwa düşmegine garaşylýar. "Gaýdyp geljek anyk senesi kosmos gämisiniň taýýarlygyna, ekipaža we howa şertlerine baglydyr" diýip, “Roskosmos” döwlet korporasiýasy öz Telegram kanalynda takyklady. Crew-11-iň ekipažynyň düzüminde NASA-nyň astronawtlary Zena Kardman we Maýkl Fink, Ýaponiýanyň Aerokosmos barlag agentliginiň (JAXA) astronawty Kimiýa Ýui we "Roskosmosyň" kosmonawty Oleg Platonow bar. 8-nji ýanwarda NASA ekipažyň agzalarynyň biriniň saglyk ýagdaýy bilen baglanyşykly kynçylyklar sebäpli Crew-11 missiýasyny möhletinden öň tamamlamak kararyna geldi. Agentlik kosmonawtyň adyny ýa-da kesel kesgidini mälim etmedi. Maýkl Fink we Zena Kardman şol gün açyk kosmosa çykmalydylar we takmynan 6,5 sagat stansiýanyň daşynda bolmalydylar, ýöne bu iş ýatyryldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir