«Mançester Sitiniň» hüjümçisi Erling Holand 2025-nji ýylyň jemi boýunça Norwegiýanyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi. Ol bu baýragy yzygider altynjy gezek alýar diýip, Norwegiýanyň futbol konfederasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär. Holanddan öň bu titulyň soňky eýesi 2019-njy ýylda hüjümçi ýarymgoragçy Martin Edegor bolupdy. Ol häzir Londonyň «Arsenalynda» çykyş edýär. 25 ýaşly Holand 2025-nji ýylda klub derejesinde 49 oýunda 42 gol geçirdi we sekiz assist etdi. Milli ýygyndynyň düzüminde bir ýylda 10 oýna gatnaşyp, olaryň her birinde gol girizdi. Onuň milli ýygyndydaky 17 goly we iki assisti Norwegiýa 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna çykmaga mümkinçilik berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir