Amerikaly aýdymçy Bruno Mars onýyllyk arakesmeden soň ilkinji solo albomy we ony goldamak maksady bilen geçiriljek uly konsert syýahaty barada habar berdi diýip, Variety ýazýar. Täze albom «The Romantic» adyny alar. Ol eýýäm doly taýýar we 27-nji fewralda çykar. Albomdan ilkinji aýdym — «I Just Might» diňlemek üçin elýeterli boldy. Aýdymyň wideosy 70-nji ýyllaryň stilinde düşürildi. Oňa aýdymçynyň özi bilen bilelikde Deniel Romas režissýorlyk etdi. Dünýä boýunça konsert syýahaty 10-njy aprelde başlar we Demirgazyk Amerikanyň, Beýik Britaniýanyň hem Ýewropanyň iň uly meýdançalarynda bolar. Petek satuwy 15-nji ýanwarda başlaýar, ýöne sargytlar bir gün öň açylar. Konsertler 14-nji oktýabrda Wankuwerde tamamlanar. Bruno Mars soňky «24K Magic» solo albomyny 2016-njy ýylda çykardy. Muňa garamazdan, ol duetlere gatnaşyp, döredijiligi dowam etdirdi. Bu aýdymlaryň köpüsi hit bolup, birnäçe baýraklara mynasyp boldy. Karýerasynyň dowamynda Mars 150 milliondan gowrak aýdym-saz ýazgysyny satdy we dünýäniň iň meşhur aýdymçylarynyň biri boldy. Ol 16 «Gremmi» baýragyny aldy, 2017-2018-nji ýyllaryň konsert syýahaty bolsa taryhda iň köp girdeji getirenleriň biri boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir