Toparlar oýnuň birinji ýarymynda dört gol geçirdi, şolardan üç gol birinji ýaryma goşulan wagtda salyndy. Oýunda hasap 36-njy minutda «Barselonanyň» hüjümçisi Rafinýanyň goly bilen açyldy. «Real» Winisiusyň goly (45+2) bilen hasaby deňledi. Iki minutdan «Barselona» Robert Lewandowskiniň golundan soň ýene öňe çykdy, ýöne birnäçe minutdan hasap ýene deňleşdi – Gonsalo Garsiýa tapawutlandy. Gutarnykly hasap duşuşygyň 73-nji minutynda, Rafinýa ikinji goluny geçirenden soň kesgitlendi. Oýnuň ahyrynda «Barselona» azlykda galdy. Frenki de Ýong gyzyl duýduryş aldy. Ispaniýanyň Superkubogy 1982-nji ýyldan bäri geçirilýär. Ýaryşda ýeňiş sany boýunça rekord eýesi «Barselonadyr» (16). «Real» kubogy 13 gezek aldy, «Atletik» bilen «Deportiwonyň» hersiniň hasabynda 3 kubok bar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir