Apple-iň baş direktory Tim Kuk 2025-nji ýylda 74,3 mln dollar gazandy. Bu kompaniýanyň paýdarlar üçin ýyllyk hasabatyndan gelip çykýar. Kukuň girdejisi birnäçe bölekden ybarat: $3 mln – 2016-njy ýyldan bäri üýtgemedik, kesgitlenen zähmet haky; $57,5 mln – Apple-iň paýnamalary görnüşinde bonus; $12 mln – iş netijeleri üçin pul baýragy; $1,76 mln – beýleki tölegler, şol sanda pensiýa gaznasy, ätiýaçlandyryş üçin tölegler we howpsuzlyk çykdajylary. Apple howpsuzlygy üpjün etmek we netijeliligi ýokarlandyrmak maksady bilen Kukdan iş we şahsy saparlary üçin hususy uçardan peýdalanmagy talap edýär. Tim Kuk kompaniýanyň iň ýokary zähmet hakyny alýan işgäri bolup galýar. Beýleki top-menejerler has az gazanýar – ýylda ortaça 15 mln dollardan 27 mln dollara çenli. Mysal üçin, kompaniýadan gidýän baş ýuridik geňeşçi Keýt Adams, operasion müdir Sabih Han we bölek söwda bölüminiň ýolbaşçysy Deýrdru O’Braýen – olaryň her biri, takmynan, 27 mln dollar gazandy. Maliýe müdiriniň çalşylmagy bilen öňki CFO Luka Maestri 15,5 mln dollar, onuň yzyny dowam etdiriji Kewan Pareh bolsa 22,5 mln dollar gazandy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir