CES 2026 sergisinde Disney kompaniýasy 2026-njy ýylda Disney+ platformasynda gysga dik wideolaryň ýerleşdirilip başlanjakdygyny mälim etdi. Ol adamlaryň TikTok bilen Instagram Reels-de görýän wideolaryna meňzeş bolup, ulanyjylary çekmek maksady bilen döredilýär. Ilkibaşda bu format ABŞ-da elýeterli bolar. Disney kontentiň dürli görnüşlerini gözden geçirýär: ýörite düşürilen gysga wideolar, adaptirlenen sosial wideo, filmlerden we seriallardan käbir sahnalar ýa-da bu formatlaryň utgaşmasy. Kompaniýa munuň tötänleýin wideolar däldigini we olaryň anyk ulanyjynyň gyzyklanmalaryna, ýaşyna we tomaşa edýän zatlaryna görä saýlanjakdygyny belleýär. Disney Entertainment-iň we ESPN-iň wise-prezidenti Erin Tigiň aýtmagyna görä, täze format Disney+ platformasyny ulanyjylar üçin sosial ulgam ýaly gündelik girilýän ýere öwürmeli. Ozal kompaniýa ESPN programmasynda şahsylaşdyrylan dik wideo lentasyny işe girizipdi. Kontent tomaşaçylaryň uzak dowam edýän tele-şüweleňleriň we filmleriň deregine gysga wideo tomaşa etmek endiginden ugur alyp, ykjam goşundylar üçin sazlanar. Täze çemeleşme dürli ýaşdaky ulanyjylaryň gyzyklanmalaryny göz öňünde tutýar we olara tomaşa etmegiň şahsylaşdyrylan tejribesini hödürlär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir