Supermen barada komiksiň ilkinji sanynyň seýrek nusgasy ABŞ-da 15 mln dollara satyldy. Bu barada ComicConnect auksion öýüniň saýtynda habar berildi. Gürrüň ozal aktýor Nikolas Keýje degişli bolan nusga barada gidýär. 2000-nji ýylda komiks onuň kolleksiýasyndan ogurlandy, ýöne 2011-nji ýylda tapylyp, eýesine gaýtarylyp berildi. Soňra bu nusga auksiona çykarylyp, 2,2 mln dollara satyldy. Şol wagt bu baha rekord boldy. «Ine, kysmatyň oýny nirede. 11 ýylyň dowamynda onuň bahasy ep-esli ýokarlandy. Ogry ony ogurlap, Nikolas Keýje uly pul getirdi» — diýip, Metropolis/ComicConnect-yň baş direktory Stiwen Fişler belleýär. Bu gezek komiks 15 mln dollara satylyp, täze baha rekordyny goýdy. Auksion öýünde onuň ýagdaýy «haýran galdyryjy» diýlip häsiýetlendirildi. Satyjynyň we alyjynyň atlary aýdylmaýar. Komiksiň daşynda Supermen gök trikoda we gyzyl plaşda şekillendirilýär. Ol kellesinden ýokarda kapoty gaýa urlan ýaşyl awtomobili saklap dur. Komiksiň bu sany 1938-nji ýylyň iýulynda çykdy. Şonda gahryman kagyz ýüzünde ilkinji gezek peýda boldy. Ozal Tehas ştatyndaky auksionda Supermen barada 1939-njy ýylda çykarylan başga komiks satyldy. Onuň bahasy 9,12 mln dollar boldy.