Nvidia kompaniýasy özüniň 33 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek marketing boýunça müdiri işe aldy. 2026-njy ýylyň fewralyndan başlap bu wezipäni Elison Wagonfeld eýelär we ol kompaniýanyň tutuş marketing hem korporatiw kommunikasiýalar ulgamyna jogap berer diýip, Tom’s Hardware habar berýär. Wagonfeld ozal tas on ýyl Google kompaniýasynda işledi. Bu ýerde ol bulut ugrunyň marketingi bilen meşgullandy. Onuň hünärmen tejribesiniň uly bölegi häzirki wagtda Nvidia-nyň esasy girdeji çeşmesi bolan B2B-segmenti bilen baglanyşyklydyr. Tom’s Hardware neşiriniň belleýşi ýaly, ozal Nvidia-nyň gurluşynda marketing müdiriniň aýratyn wezipesi ýokdy. Kompaniýanyň önümlerini mahabatlandyrmak bilen, adatça, uly wise-prezidentler meşgullanýardy. Wagonfeldiň täze wezipedäki anyk işleri barada habar berilmeýär. Ýöne onuň bellenmeginiň Nvidia-nyň emeli aň gurşawynda işleýän kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen baglanyşykly bolup biljekdigi çaklanylýar. Çünki, bu ugur häzir korporasiýanyň girdejileriniň esasy bölegini emele getirýär. Şeýle-de, entek Wagonfeldiň Nvidia-nyň köpçüligiň öňündäki esasy wekili boljakdygy ýa-da ýokdugy belli däl. Häzir bu roly kompaniýanyň ýolbaşçysy Jensen Huangyň özi ýerine ýetirýär – ol täze önümleri tanyşdyrýar we Nvidia-nyň adyndan maslahatlarda çykyş edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir