Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadag bu ýerde täze şäheriň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderine Lukmançylyk klasteriniň önümçilik binalarynyň şekil taslamalary we olaryň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary görkezildi. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmagy öz içine alýan bu çärä ýurduň öňden gelýän hyzmatdaşlary bolan Ýaponiýanyň «Sumitoma» we Koreýa Respublikasyna degişli kompaniýanyň ýolbaşçylary, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Gyýanlydaky polimer zawodynyň, ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Lukmançylyk klasteriniň gurluşygyna we önümçilik kärhanalarynyň enjamlaşdyrylyşyna gatnaşýan «Garagum» hojalyk jemgyýetiniň hem-de Türkmenistanyň Ýaponiýadaky we Koreýa Respublikasyndaky ilçihanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Türkmen halkynyň Milli Liderine Arkadag şäheriniň Lukmançylyk klasteriniň önümçilik kärhanalarynda ulanylýan ýerli çig mallara we olardan alynýan önümleriň hiline, ekologiýa derejesine alnan güwänamalaryň görnüşleri hem-de himiýa senagatyna degişli önümleriň ynsan saglygyna ýetirýän täsirine degişli barlaglaryň güwänamalary görkezildi. Gahryman Arkadag geljekde lukmançylykda öndüriljek serişdeleriň öndürilişinden başlap, sarp edilişine çenli alnyp baryljak işlerde esasy tebigy taýdan arassa ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän çig malyň ulanylmalydygyna, ondan alynjak önümleriň ýokary hilli bolmalydygyna, önümleriň ýurduň içerki bazaryny doly üpjün etmelidigine, artygynyň bolsa eksporta gönükdirilmelidigine ünsi çekdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu soraglara içgin ähmiýet bermek bilen täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ulanylýan serişdeleriň hilini we berkligini aýratyn gözegçilikde saklamalydygyny aýtdy we bu ugurda degişli ýolbaşçylary anyk maslahatlary berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 14 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir