Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berdi. Nygtalyşy ýaly, meýilnamalarda Türkmenistanda makroykdysady durnuklylygy, ýurdumyzyň we sebitleriň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösüşini üpjün etmek, maýa goýum syýasatyny kämilleşdirmek, amatly maýa goýum, işewürlik gurşawyny döretmek, sanly ulgamy we döwrebap sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy dowam etdirmek, pudaklaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, önümçilik kuwwatlyklarynyň ulanylyşyny seljermek bar. Bellenilişi ýaly, döwlet býujetiniň üstünlikli ýerine ýetirilmegini gazanmak, ýurduň maliýe-ykdysady, býujet-salgyt, pul-karz syýasatlary esasynda işleriň amala aşyrylmagyny guramak, zähmet gatnaşyklaryny, ilatyň iş üpjünçiligini, durmuş taýdan goraglylygyny gowulandyrmak hem iş meýilnamasynda ileri tutulýan ugurlardyr. Şeýle hem bank we ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny, standartlaşdyryş ulgamyny ösdürmek, milli statistika edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmak, halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek, daşary ykdysady işi kämilleşdirmek, döwlet emlägini we maliýe serişdelerini netijeli dolandyrmak boýunça işleri guramak, ykdysadyýeti pul serişdeleri bilen kadaly üpjün etmek we zerurlyga laýyklykda karz bermek, ulgama öňdebaryjy halkara tejribäni ornaşdyrmak iş meýilnamasynda bellenilýär. Meýilnamada kanunçylyk binýadyny, ykdysadyýeti düzgünleşdirmegiň gurallaryny kämilleşdirmek boýunça çäreler göz öňünde tutulýar. Wise-premýer ykdysadyýet, maliýe we bank toplumyna degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň sanly tehnologiýalary ösdürmek boýunça 2026-njy ýylda ýerine ýetirmeli işleriniň meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň durmuş-ykdysady ösüşini, pudaklaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny seljermegi dowam etdirmegiň, Döwlet býujetiniň üstünlikli ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi we ykdysadyýet, maliýe, bank toplumynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 15 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir