Qatar Airways dünýäde Starlink hemra internetini Boeing 787-8 (Dreamliner) uçarlaryna gurnan ilkinji awiakompaniýa boldy. Häzirki günde şeýle uçarlardan eýýäm üçüsi ýolagçylara ýokary tizlikli interneti hödürleýär, Starlink ulgamyna eýe bolan giň fýuzelýažly howa gämileriniň umumy sany bolsa tas 120-ä ýetýär. Bu hem Qatar Airways-i Starlink internetli uzak ýola uçýan uçarlaryň dünýäde iň uly toplumynyň eýesine öwürýär. 2025-nji ýylyň dekabrynda awiakompaniýa tutuş Airbus A350 uçarlaryny şeýle internet bilen üpjün etmek işini tamamlady. Munuň üçin bary-ýogy sekiz aý sarp edildi, bu hem şeýle uly taslamalar üçin rekord derejede tiz möhletdir. Umuman alanyňda, Boeing 777 we A350 uçarlaryna Starlink internetini gurnamak işi 14 aý wagt aldy, şondan soň taslama Boeing 787 uçarlaryna çenli giňeldildi. Şeýlelikde, bu raýat awiasiýasynyň taryhynda uly ýolagçy uçarlaryna hemra internetiniň iň gerimli we iň çalt gurnalmagy boldy. Häzirki wagtda Qatar Airways-iň flotunyň 58%-den gowragy ýolagçylara 500 Mbit/sek çenli tizlik bilen internet ulanmaga mümkinçilik berýär. 2024-nji ýylyň oktýabryndan bäri mugt birikmeden 11 milliondan gowrak adam peýdalandy, 2025-nji ýylda bolsa Starlink-e elýeterli bolan 21 million ýolagçynyň tas ýarysy hut Qatar Airways-iň gatnawlarynda uçdy.