Xiaomi kompaniýasy Redmi Note 15 smartfonynyň berkligini subut etmek üçin ony göni ýaýlymda ýörite synaglara sezewar eder. «Titan tough» (Titan berkligi) şygary astynda geçiriljek bu täsin görkeziliş 10-njy ýanwarda Aşgabat wagty bilen sagat 13:00-da X (ozalky Twitter) sosial torunda başlanar. Göni ýaýlym ýöriteleşdirilen «Titan Lab» barlaghanasyndan alnyp görkeziler. Smartfon "maýatnik" (pendulum) enjamynyň kömegi bilen dürli burçlar astynda aşak taşlanar. Bu usul enjamyň diňe bir dikligine däl, eýsem has çylşyrymly ýagdaýlarda ýere gaçandaky durnuklylygyny barlamaga mümkinçilik berýär. Kompaniýa başga haýsy "agyr" synaglaryň garaşýandygyny öňünden mälim etmedi. Xiaomi-niň resmi saýtyndaky maglumatlara görä, täze model Redmi Titan atly ýokary berklikdäki konstruksiýa esasynda gurlupdyr. Model eýýäm SGS Premium Performance sertifikatyny almagy başardy. Bu bolsa smartfonyň 2,5 metr belentlikden gaçanda hem durnuklylygyny saklaýandygyny tassyklaýar. Redmi Note 15-iň tehniki häsiýetnamasynda suwdan we tozandan goranmagyň iň ýokary görkezijileri bolan IP66, IP68, IP69 we IP69K standartlary görkezilen.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 21 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir