Netflix 2026-njy ýylda platformada çykjak filmleri we seriallary görkezýän wideony hödürledi. Tizerde aktrisa we tansçy Teýýana Teýlor palçynyň obrazynda peýda bolýar. Taro kartlaryny ulanyp, ol wideonyň baş gahrymanyna Netflix-iň taslamalarynyň dürli dünýälerini görkezýär we ony bir wakadan beýlekisine geçirýär. Aýratynam, wideoda «Kesgir gaşlar: Ölmez adam» filmi, şeýle-de «Emili Parižde», «Brijertonlar», «Awatar: Aang hakynda rowaýat» we «One Piece. Uly olja» seriallarynyň täze möwsümleri görkezilýär. Wideodan başga-da, Netflix KHBS-iň wekillerine 2026-njy ýyla meýilleşdirilen taslamalaryň doly sanawyny iberdi. Onda 110 serial, 44 film we 12 oýun bolup, kompaniýa olary ýylyň dowamynda çykarmagy meýilleşdirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 20 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir