Las-Wegasdaky CES 2026 sergisinde Hyundai awtokonsernine degişli bolan Boston Dynamics kompaniýasy ilkinji gezek adam şekilli Atlas robotyny köpçülige tanyşdyrdy. Bu gumanoid robototehnika gurşawynda möhüm waka bolup, Tesla ýaly uly tehnologiýa kompaniýalarynyň arasyndaky bäsdeşligi güýçlendirdi. Tanyşdyrylyş wagty Atlas özbaşdak ýerden turdy, sahnada gezmeledi, tomaşaçylara elini galgatdy we korpusyny hem kellesini hereketlendirip görkezdi. Boston Dynamics-iň gumanoid robotlar ugrunyň baş menejeri Zakari Ýakowskiniň aýtmagyna görä, sergide robot inžener tarapyndan uzak aralykdan dolandyryldy, ýöne iş şertlerinde Atlas özbaşdak hereket eder. Kompaniýa robotyň önümçilik wersiýasynyň eýýäm işlenip düzülýändigini we senagatda ulanmaga gönükdirilendigini aýtdy. 2028-nji ýyla çenli Atlas robotynyň Jorjiýa ştatynda elektromobil ýygnaýan Hyundai zawodynda işläp başlamagyna we önümçilik işlerine kömek etmegine garaşylýar. Tanyşdyrylyşyň ahyrynda robotyň täzelenen dizaýny we gök reňkli korpusy bilen tapawutlanýan senagat wersiýasynyň hereketsiz modeli görkezildi. Şeýle-de, 2021-nji ýyldan bäri Boston Dynamics-iň paýnamalarynyň gözegçilik bukjasyna eýeçilik edýän Hyundai Google DeepMind bilen hyzmatdaşlygy yglan etdi. Kompaniýa tarapyndan döredilen emeli aňy Boston Dynamics-iň robotlarynda ulanmak meýilleşdirilýär, bu hem olaryň awtonom funksiýalarynyň ösüşini çaltlaşdyrar. Belläp geçsek, Boston Dynamics ozal Google-a degişlidi, soňra ýapon SoftBank-a geçdi, şondan soň ony Hyundai satyn aldy. Hünärmenler gumanoid robotlaryň köpçülikleýin görkezilişiniň tehniki näsazlyklaryň bolmak töwekgelçiligi sebäpli seýrek waka bolup galýandygyny belleýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 21 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir