Awstraliýanyň tennis boýunça Açyk çempionaty 2026-njy ýylda ýaryşyň baýrak gaznasynyň möçberini mälim etdi. Şu ýyl umumy mukdar 74,9 mln dollar (111,5 mln Awstraliýa dollary) bolar. Geçen möwsüm bilen deňeşdirilende, ýaryşa gatnaşyjylara tölegler 16% ýokarlandy. Pul baýraklarynyň esasy bölegi, adatça, ýekelikdäki ýaryşda paýlanýar. Tapgyrlar boýunça tölegleriň mukdary şeýle görnüşde: Birinji tapgyr – $101 müň; Ikinji tapgyr – $151 müň; Üçünji tapgyr – $220 müň; Dördünji tapgyr – $322 müň; Dörtden bir final – $503 müň; Ýarym final – $839 müň; Final – $1,4 mln; Ýaryşda ýeňiş – $2,8 mln. Australian Open – 2026-nyň esasy setkasynyň oýunlary 18-nji ýanwardan 1-nji fewral aralygynda geçiriler. Ýaryşyň häzirki çempiony amerikaly Medison Kiz bolup, ol finalda belarusly Arina Sobolenkony utdy. Erkekleriň arasynda Australian Open – 2025-iň ýeňijisi dünýäniň ikinji raketkasy, italiýaly Ýannik Sinner boldy.