Finlýandiýanyň Oulu we Slowakiýanyň Trençin şäherleri 2026-njy ýylda Ýewropanyň medeni paýtagtlary boldy. Bu barada Ýewropa komissiýasy habar berýär. Ýylyň dowamynda Ýewrokomissiýanyň goldaw bermeginde bu şäherlerde Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň medeni köpdürlüligini görkezmäge gönükdirilen medeni çäreler, sergiler we çykyşlar geçiriler. Ouluda medeni paýtagtyň ýylynyň resmi açylyşy 16-18-nji ýanwara meýilleşdirilýär. Çäreleriň programmasy «Medeniýet we klimat üýtgemeleri» temasyna bagyşlanar we Ýewrokomissiýanyň belleýşi ýaly, «möhüm global meselelere» ünsi çeker. Trençinde açylyş festiwaly 13-15-nji fewralda bolar. Onuň programmasy «Bilesigelijiligi oýarmak» temasy bilen baglanyşykly bolup, «adamlaryň, geçmiş bilen geljegiň, şeýle-de hyýal bilen hakykatyň arasynda köpri gurmaga ruhlandyrmagy» maksat edinýär. «Eýýäm 40 ýyl bäri “Ýewropanyň medeni paýtagtlary” ÝB-niň şäherlerine medeni köpdürlüligi bellemäge, jemgyýeti medeni çärelere çekmäge we ýerli hem sebit ösüşine ýardam etmäge mümkinçilik berýär» – diýlip, Ýewrokomissiýanyň habarynda aýdylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 20 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir