50 Cent lakamy bilen meşhur bolan amerikaly reper Kýortis Jekson «Bandalaryň urşy» («Gang Wars») atly seriala prodýuserlik eder diýip, diýip «Deadline» habar berýär. Bu serial Amerikadaky jenaýatçylykly toparlaryň arasynda bolup geçýän hakyky çekeleşikler hakyndaky tru-kraým-taslamasydyr. Jon Bekor bilen Jonas Bellu Paştua degişli bolan G-Unit Film & Television hem Citizen Jones kompaniýalary tarapyndan bilelikde işlenilýän bu taslama А&E teleýaýlymynda köpçülige hödürlener. Taslamada güýçli bäsdeşligiň hem jenaýatlaryň bolşy-bolşy ýaly görkeziljekdigi ol hakyndaky gyzyklanmany has-da artdyrýar. 50 Cent hem öz gezeginde tomaşaçylara jenaýatçylykly toparlaryň duşmançylygyny entek görülmedik tarapdan görkezip, olaryň häzirkizaman kriminal dünýäsinde bolup geçýän köçe uruşlaryna, dönüklige, wezipe üçin göreşe degişli öň elýeter bolmadyk maglumatlar bilen tanyşjakdyklaryna söz berýär.