Xiaomi kompaniýasy SU7 sedanynyň täze neslini hödürledi. Ol 2026-njy ýylyň aprelinde çykar. Hytaýda eýýäm deslapky sargytlar açyldy. Öndüriji awtoulagyň üpjünçiligi we dizaýny barada giňişleýin maglumat berdi. Awtomobiliň daşky görnüşi üýtgemedi diýen ýaly: kuzowyň formasy öňküligine galdy, ýöne täze Capri Blue reňki we 20 dýuýmlyk tigirler goşuldy. Esasy üýtgeşmeler salonyň içinde bolup geçdi. SU7 ýokary hil bilen doly gaýtadan işlenen interýere eýe boldy. Täze «Ýarygije gara» reňki peýda boldy, iki reňkli rul, merkezi konsol, oturgyçlar we salonyň yşyklandyryşy bolsa täzelendi. Rul YU7 ýaly iki reňkli dizaýnda ýerine ýetirildi, merkezi konsolyň T-şekilli böleginde bolsa mehaniki düwmeler peýda boldy. Şeýle-de, telefona zarýad bermek üçin ýer we stakan saklaýjylar üýtgedildi. Xiaomi SU7-niň täze nesli 140 dollar möçberde öňünden töleg geçirmek bilen sargyt etmek üçin Xiaomi Auto programmasynda elýeterlidir. SU7-niň köne wersiýasy üçin eýýäm sargyt beren, ýöne entek öz sargydyny kabul etmedik müşderiler üçin kompaniýa çäkli wagtyň içinde täze modele çalyşmak hyzmatyny-da hödürleýär.