Hytaý fizikleri Albert Eýnşteýn tarapyndan tas ýüz ýyl ozal öňe sürlen pikir tejribesini iş ýüzüne geçirip, Nils Boruň goşmaçalylyk ýörelgesini tassykladylar. Bu barada Physical Review Letters žurnaly ýazýar. 1927-nji ýylda Solweý kongresinde Eýnşteýn bilen Boruň arasynda jedel döreýär. Şol wagt Eýnşteýn bölejigiň haýsy yşdan geçendigini bilmek, şol bir wagtyň özünde-de interferensiýa kartinasyny synlamak mümkin bolar diýen pikir bilen iki yşly tejribäni öňe sürýär. Bor bolsa ýoly bilmek üçin bölejikler bilen özara täsirleşmeli boljakdygyny aýdyp muňa garşy çykýar. Näbellilik ýörelgesine görä, islendik şeýle özara täsirleşme bölejikleriň hereketine tötänleýin üýtgeşme girizýär. Bu üýtgeşme hem tolkun kartinasynyň bozulmagyna getirýär. Indi alymlar topary Pan Szýanweýiň ýolbaşçylygynda bu pikiri tejribede barlap gördi. Alymlar «kwant yşgalaňy» hökmünde optiki duzakdaky ýekeje rubidiý atomyny ulandy. Synaglaryň dowamynda bölejikleriň roluny ýerine ýetiren foton sowadylan atom bilen özara täsirleşdi we netijede alymlar fotonyň özüni alyp barşyna syn edip bildi. Ýöne hünärmenler fotonyň takyk ýoluny kesgitlemek üçin islendik şeýle gatyşygyň interferensiýa kartinasyny hökman bozýandygyny anyklady. Tolkun kartinasynyň bozulmagynyň gyzma ýa-da beýleki päsgelçilikler sebäpli däldigine göz ýetirmek üçin, alymlar hakyky kwant effektlerini adaty fiziki päsgelçiliklerden aýratynlandyrýan Raman spektroskopiýasyny ulandy. Netijeler Boruň bölejikleriň impulsyny ölçemegiň tolkun nagyşlaryny bozýan näbelliligi döredýändigi baradaky delilini tassyklady. Geljekde fizikler topary kwant bulaşyklygyny gönüden-göni öwrenmegi we «yşyň» massasyny artdyrmak bilen kwant hereketden adaty herekete geçişi yzarlamagy meýilleşdirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 14 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir