Germaniýanyň awtomobil ägirdi bolan BMW, Alpina brendiniň öz düzümine doly goşulandygyny resmi taýdan yglan etdi. Söwda nyşanynyň hukuklarynyň bütinleý Bawariýa konsernine geçmegi bilen, ozalky týuning atelýesi indi seriýaly awtoulaglaryň aýratyn eksklýuziw görnüşlerini öndürmek bilen meşgullanar. Täze sub-brend BMW ALPINA diýlip atlandyryldy we awtoulaglaryň yzky böleginde özboluşly şrift bilen ýazylan täze logotip ýerleşdiriler. Kompaniýanyň bellemegine görä, bu asuda we ynamly grafiki nyşan brendiň konserniň içindäki özboluşly häsiýetini we özbaşdaklygyny aňladýar. Täze markanyň astynda ýokary amatlylykly we özboluşly sürüliş aýratynlyklaryna eýe bolan güýçli awtoulaglaryň öndürilmegi meýilleşdirilýär. Çaklanylmagyna görä, Alpina brendi BMW M bölüminiň ideýalarynyň has kaşaň (lýuks) görnüşine öwrüler. “Her bir awtoulag öndürijilik, rahatlyk we şahsylyk babatda hiç hili ylalaşyga gitmeýän, kämilleşdirilen eksklýuziwlige ymtylýan muşdaklar üçin deňsiz-taýsyz gymmatlyk bolar” — diýip, BMW-niň resmi beýanatynda aýdylýar. Bu ylalaşyk barada eýýäm 2022-nji ýylda yglan edilipdi, emma týunerler 2025-nji ýylyň ahyryna çenli öz garaşsyzlygyny saklap galdylar. Häzirlikçe konsern täze düzümdäki ilkinji modeliň çykaryljak senesini anyklamady. Şol bir wagtyň özünde, Alpina atelýesiniň öňki eýeleri täze Bovensiepen brendi astynda özleriniň ilkinji taslamasyny tanyşdyrdylar. Bu taslama BMW-niň “dördünji” seriýasynyň esasynda, Zagato dizaýn öýi tarapyndan döredilen "grand-turýer" (GT) klasly awtoulagdyr.