NASA agentligi astronawtlaryň birinde ýüze çykan lukmançylyk meseleli ýagdaý sebäpli, SpaceX kompaniýasynyň Crew-11 ekipažyny meýilleşdirilen wagtyndan öň Ýere gaýtarmak barada karar kabul etdi. Bu barada CBS News neşiri kosmos agentliginiň direktory Jared Aýzekmana salgylanyp habar berýär. Aslynda, ekipažyň Ýere dolanmagy 2026-njy ýylyň maý aýyna meýilleşdirilipdi. NASA-nyň ýolbaşçysy: "Stansiýadaky ekipaž agzalarynyň birinde saglyk ýagdaýy bilen bagly mesele ýüze çykdy, häzirki wagtda onuň ýagdaýy durnukly" diýip tassyklady. Emma ol meseläniň häsiýeti we astronawtyň ady barada maglumat bermedi. NASA-nyň lukmançylyk gullugynyň ýolbaşçysy Jeýms Polk hem astronawtyň şahsyýeti we anyk diagnozy barada aýtmakdan ýüz öwürdi. Onuň sözlerine görä, astronawtyň ýagdaýy durnukly we bu waka stansiýadaky işler ýa-da açyk kosmosa çykyşlar bilen bagly däl. Crew-11 ekipažynyň düzümi: Ekipaž komandiri: Zena Kardman Astronawt: Edward Maýkl Fink JAXA agentliginiň (Ýaponiýa) astronawty: Kimiýa Ýui Russiýaly kosmonawt: Oleg Platonow NASA bu wakanyň Halkara kosmos stansiýasynyň 25 ýyllyk taryhynda şeýle sebäp bilen amala aşyrylýan ilkinji möhletinden öňki gaýdyşdygyny aýtdy. Orbitada doly derejeli anyklaýyş (diagnostika) we bejergi geçirmek üçin mümkinçilikleriň ýokdugy bellenilip geçilýär. Missiýanyň dolanyp geljek wagty gäminiň taýýarlygyna we howa şertlerine baglylykda kesgitlener. NASA munuň "gyssagly ewakuasiýa" (gaçyryş) däldigini, ýöne meýilleşdirilen möhletden öňki dolanyşykdygyny takyklady. Belläp geçsek, Crew-11 ekipažy 2025-nji ýylyň 2-nji awgustynda Crew Dragon gämisi bilen HKS-e barypdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 14 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir