“Dokma” onlaýn söwda meýdançasy Türkmenistanyň öňdebaryjy milli öndürijileriniň dokma önümleriniň giň görnüşini hödürleýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi. Web-saýt alyjylara erkekleriň, zenanlaryň we çagalaryň egin-eşiklerini, şeýle hem aýakgaplary we beýleki önümleriň giň görnüşini hödürleýär. Olar hatarynda “Bedew”, “Nusaý”, “Goza”, “Gala”, “Mäne”, “Jeýtun”, “Bürgüt”, “Ýeňiş” ýaly meşhur öndürijileriň önümleri, şeýle-de ýurduň iri kärhanalarynyň “Türkmenistanda öndürildi” milli haryt nyşany astynda çykarylýan harytlary bar. “Dokma” onlaýn söwda meýdançasy islendik enjamda ulanmak üçin amatly bolup, sahypalaryň çalt ýüklenmegi, zerur harytlary aňsatlyk bilen tapmaga hem-de onlaýn tertipde söwda etmäge giň mümkinçilik döredilendir. Şeýle hem harytlary saýlap almakda amatly şertleri döretmek maksady bilen saýtyň katalogynda önümleri ýakyndan görkezýän jikme-jik suratlar, harytlaryň her bir barada beýan, ölçegler we esasy häsiýetler barada maglumatlar ýerleşdirlendir. Eşiklerden başga-da, harytlaryň hatarynda ýokary hilli düşek esbaplary, süpürgiçler we hammam halatlary hem bardyr. Sanawdaky maglumatlar yzygiderli täzelenýär we sargytlar tiz wagtda resmileşdirilýär. Aşgabat şäheri boýunça eltip bermek hyzmaty tölegsiz amala aşyrylýar, şeýle hem harytlary ýurduň ähli welaýatlaryna ibermek hyzmatlary hem hödürlenilýär. “Dokma” onlaýn söwda meýdançasynyň ösdürilmegi Türkmenistanyň dokma toplumyny sanlylaşdyrmagyň möhüm tapgyrydyr. Halkara tejribä we döwrebap tehnologiýalara daýanyp, pudagyň kärhanalary göni onlaýn-söwda görnüşine geçýärler. Bu bolsa alyjylar üçin täze mümkinçilikleri döredýär we ýurdumyzyň ýokary hilli önümlerini has-da elýeterli edýär.