Daşoguz wla­ýat­ynda azyk bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mek, ila­ty gök-bak­ja önüm­le­ri bi­len üp­jün et­mek bi­len bag­ly 2025-nji ýyl­da giň ge­rim­li iş­ler ge­çi­ril­di. Kä­ren­de­çi daý­han­lar 8 müň 800 gek­tar ýer­den 125 müň ton­na ýe­ral­ma, 2 müň 200 gek­tar meý­dan­dan 55 müň ton­na­dan gow­rak so­gan ön­dü­rip, ýo­ka­ry ne­ti­je ga­zan­dy­lar. 2025-nji ýyl we­la­ýat­da kä­şi­riň, po­mi­dor­dyr hy­ýa­ryň, beý­le­ki gök, mi­we hem bak­ja önüm­le­ri­niň ha­syl­ly­ly­gy has-da ýo­kar­lan­dy. Bu barada 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada bellenilýär. Se­bi­tiň döw­re­bap mal­dar­çy­lyk top­lu­myn­da önüm­çi­li­giň äh­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ýo­ka­ry ne­ti­je­ler ga­za­nyl­ýar. Kuw­wat­ly­ly­gy ýyl­da 2 müň ton­na süý­di we 120 ton­na eti gaý­ta­dan iş­le­mä­ge ni­ýet­le­nen bu kär­ha­na­da ga­za­nyl­ýan ýo­ka­ry ne­ti­je­ler onuň obase­na­gat pu­da­gy­nyň döw­re­bap hem yg­ty­bar­ly dü­züm bö­le­gi­ne öw­rül­ýän­di­gi­ni aý­dyň gör­kez­ýär. Halk ho­ja­ly­gy­nyň esa­sy bö­le­gi oba ho­ja­ly­gy­na da­hyl­ly dü­züm­ler­den yba­rat bo­lan Daşoguz we­la­ýa­tynyň ­daý­han­la­ry 145 müň gek­tar meý­dan­da ak bug­da­ýyň, us­sat pag­ta­çy­lar hem 155 müň gek­tar ýerde «ak al­ty­nyň» be­re­ket­li ha­sy­ly­ny ýe­tiş­dir­di­ler. Geçen ýyl Aý­bö­wür ýaý­la­syn­da ýer­leş­ýän Saparmyrat Türk­men­ba­şy et­ra­by­nyň şa­ly­çy­ly­ga ýö­ri­te­leş­di­ri­len iki daý­han bir­le­şi­gin­de şa­ly eki­len 8 müň 100 gek­tar ýer­den 35 müň ton­na go­laý ha­syl alyn­dy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 23 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir