A24 kinokompaniýasy «Robin Guduň ölümi» (Смерть Робин Гуда) trilleriniň treýlerini hödürledi. Onda baş keşbi Hýu Jekman ýerine ýetirdi. Filmiň çykmagy şu ýyla meýilleşdirilýär, ýöne premýeranyň takyk senesi entek habar berilmeýär. Filmiň sýužeti adybir iňlis halk balladasyna esaslanýar. Köpýyllyk talaňçylyk durmuşyndan ýadan baş gahryman gan çykarmak prosedurasyny geçirmek üçin Kirklis monastyryna ugraýar. Oňa wepaly dosty Kiçi Jon (onuň keşbini Bill Skarsgard ýerine ýetirdi) ýoldaş bolýar. Monastyrda gahrymanlar Robin Gudy öz geçmişiniň netijelerine garşy göreşmäge mejbur edýän ölüm howply duzak bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Taslamanyň režissýory Maýkl Sarnoski boldy. Jekmandan we Skarsgarddan başga-da, filme Jodi Komer, Mýurreý Bartlett we Noa Jup gatnaşýar. Film 35 millimetrlik plýonka düşürildi. Düşürmek işleri 2025-nji ýylyň fewral-martynda Demirgazyk Irlandiýanyň çäklerinde alnyp baryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 23 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir