Hyundai Hytaýda 2026-njy model ýylynyň Santa Fe krossowerini resmi taýdan hödürledi. Awtomobil 195,8 müň ýuandan 268,8 müň ýuana çenli (takmynan, 28,1 müň dollardan 38,5 müň dollara çenli) baha bilen dört wersiýada satuwa çykdy. Hatardan bahasy 235,8 müň ýuan (takmynan, 33,8 müň dollar) bolan Connoisseur Pro wersiýasy aýryldy. Beýleki görnüşler üçin bolsa bahalar öňküligine galdy. Esasy üýtgeşmeler sürüji üçin elektron kömek ulgamlary bilen baglanyşyklydyr. Model sürüjiniň ýagdaýyna gözegçilik edýän kamera, ýadawlyga we ünsüň sowulmagyna gözegçilik ediş funksiýasyna, şeýle-de yzky hatarda çaganyň bardygyny kesgitleýän ulgama eýe boldy. Üpjünçilige baglylykda kömekçileriň sazlamalary hem täzelendi. Krossoweriň daşky görnüşi üýtgemedi. Santa Fe-niň göwrümi 4830×1900×1780 mm, tigir bazasy 2815 mm barabar. Salonda 12,3 dýuýmlyk iki ekran, proeksion displeý, iki simsiz zarýad beriji we UF dezinfeksiýa funksiýasy bilen tirseklik bar. 5, 6 ýa-da 7 orunlyk görnüşler elýeterli. Awtoulagyň kuwwaty hem üýtgemedi: 248 at güýjüni berýän 2,0 litrlik turbo-hereketlendirijisi oturdyldy. Ol sekiz basgançakly awtomat bilen utgaşykly işleýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 23 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir