Microsoft kompaniýasy şu ýyl Xbox Game Pass kitaphanasyna giriziljek ilkinji uly täzelenmäni resmi taýdan yglan etdi. Abonentler dürli žanrlardaky oýunlara — AAA blokbasterlerden we horrorlardan başlap, garaşsyz (indie) studiýalaryň täze taslamalaryna hem-de nusgawy oýunlaryň täzeden neşir edilen görnüşlerine (remaster) elýeterlilik alarlar. Eýýäm ýanwar aýynda hyzmatyň katalogy 10-dan gowrak taslama, şol sanda Ubisoft we Capcom kompaniýalarynyň birnäçe hit oýunlary bilen üsti ýetiriler. Oýunlaryň çykarylyş tertibi: Eýýäm elýeterli: Little Nightmares Enhanced Edition, Brews & Bastards, Atomfall, Lost in Random: The Eternal Die, Rematch, Warhammer 40,000: Space Marine. 8-nji ýanwar: Final Fantasy (Pixel Remaster). 13-nji ýanwar: Star Wars Outlaws. 15-nji ýanwar: My Little Pony: A Zephyr Heights Mystery. 20-nji ýanwar: Resident Evil Village, MIO: Memories in Orbit. Şeýle hem, 15-nji ýanwarda bäş sany taslamanyň hyzmatdan aýryljakdygy tassyklanyldy. Platformadan Neon White şuteri, Flintlock: The Siege of Dawn ekşen oýny, Road 96 we kiberpank-RPG žanryndaky The Ascent oýunlary gider.