2026-njy ýylyň 4 - 6-njy iýunynda Aşgabat şäherinde “Turkmentextile Expo 2026” halkara sergisi we konferensiýasy geçiriler. Bu barada çäräni gurnaýjylar habar berýär. Bu çäre dokma senagatynyň dünýäniň öňdebaryjylaryny, önüm öndürijileri, üpjün edijileri, pudagyň hünärmenlerini bir ýere jemleýan B2B platformasy bolup, Merkezi Aziýanyň geljegi uly bazarlarynyň birinde işewürligi giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Bu sergi dokma önümçiligi üçin enjamlar, tebigy süýümi gaýtadan işlemek, lybaslary, aýakgaplary, hojalykda ulanylýan dokma önümleri, ätiýaçlyk şaýlary, himiki serişdeleri, boýaglary, esbaplary öndürmek hem-de döwrebap tehnologiýa çözgütleri ýaly giň ugurlary öz içine alar. “Turkmentextile Expo 2026” sergisiniň maksady Türkmenistanyň barha ösýän dokma senagatynyň kuwwatlyklaryny tanyşdyrmakdan, halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekden we dokma pudagynda işewürlik gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdyr. Foruma gatnaşyjylar iň soňky işläp taýýarlamalar bilen tanşyp, hünärmen gatnaşyklaryny ýola goýup we degişli ulgamda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşyp bilerler.