Ak bugdaý etrabynyň gallaçy daýhanlary 2026-njy ýylyň ilkinji günlerinden ýaşajyk maýsalaryň ideg işlerine möhüm ähmiýet gönükdirýärler. Bu barada türkmen metbugatynda habar berilýär. 2026-njy ýylda etrap boýunça 26 müň gektarda güýzlük bugdaý ýetişdirilýär. Häzirki günlerde ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri we beýleki agrotehniki çäreler birkemsiz ýerine ýetirilýär. «Üzümli toprak», «Ak üzüm» daýhan hojalyklarynyň, Magtymguly adyndaky, «Ýerbent» daýhan birleşikleriniň daýhanlary has tutanýerlilik görkezýärler diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir