Türkmenistanda orta bilim ulgamynyň wekilleri üçin «Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny öwreniş instituty (SUSI)» maksatnamasyna dalaşgärleri kabul etmek dowam edýär. Maksatnamanyň esasy wezipesi orta mekdepleriň we bilim merkezleriniň ýokary synplary üçin ABŞ baradaky temalary öz içine alýan okuw maksatnamalaryny işläp düzmekde gatnaşyjylary zerur maglumatlar we materiallar bilen üpjün etmekden ybaratdyr. Mugallymlar we dolandyryjylar (administratorlar) üçin niýetlenen bäş hepdelik maksatnama 2026-njy ýylyň tomsunda başlanar. Gatnaşyjylaryň saglygy we howpsuzlygy üçin töwekgelçilikler bolmadyk hem-de halkara uçuşlary amala aşyryp bolan ýagdaýynda, maksatnama ABŞ-nyň dürli akademiki edaralarynda geçiriler. Maksatnamanyň dalaşgärleri üçin bildirilýän talaplar: · Mekdeplerde ýa-da, takmynan, 14 —18 ýaşly okuwçylary bolan bilim merkezlerinde işleýän, 30 — 50 ýaş aralygyndaky, höwesli we tejribeli orta derejeli hünärmen bolmaly; · Iň azyndan 5 ýyl hünär tejribesi bolmaly; · Iňlis dilini ýokary derejede bilýändigini görkezmeli. Öň ABŞ-da bolup görmedik we okuw maksatnamasyna ABŞ-ny öwreniş baradaky temalary goşmak boýunça anyk meýilnamalary bolan dalaşgärlere ileri tutulýan ukyplar berler. Isleg bildirýänler sowalnamalaryny 12-nji ýanwara çenli özleri eltip ýa-da AshgabatEducation@state.gov elektron poçta salgysy arkaly tabşyryp bilerler. Maksatnama barada giňişleýin maglumaty ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi saýtyndan alyp bilersiňiz.