7-nji ýanwarda «Aşgabat» köpugurly stadionynda 2014 – 2015-nji ýyllarda doglan çagalaryň gatnaşmagynda «Grassroots» çagalar futbol festiwaly geçirildi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hem-de Geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu festiwala 150-ä golaý ýaş futbolçy gatnaşdy diýip, federasiýada habar berdiler. Festiwalyň dowamynda çagalar guramaçylar tarapyndan ýörite gurnalan türgenleşik çärelerine hem-de dürli ugurlardaky bäsleşiklere işjeň gatnaşdylar. Şeýle-de, kiçi meýdançalarda ýoldaşlyk duşuşyklary geçirildi. Festiwalyň esasy maksady Türkmenistanda futbolyň meşhurlygyny ýokarlandyrmakdan hem-de ýaş nesli sporta çekmekden ybarat boldy. Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylara Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan futbol toplary sowgat hökmünde gowşuryldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir