«Arkadag» futbol kluby Röwşen Muhadow bilen hyzmatdaşlygyň tamamlanandygyny habar berdi. Tälimçi bilen baglaşylan şertnamanyň möhleti tamamlanyp, taraplar ony uzaltmazlyk barada özara ylalaşyk esasynda karara geldiler diýip, Turkmenportal neşiri habar berýär. Röwşen Muhadow klubda işlän döwrüne ýokary baha berdi, «Arkadag» toparynyň janköýerlerine we ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem ol toparyň geljekdäki işlerinde üstünlikleriň dowamly boljakdygyna ynam bildirip, öňde duran oýunlarda şowlulyk arzuw etdi. R.Muhadow «Arkadag» toparyna AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşyna gatnaşmagy bilen bagly goşulypdy. Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň kadalaryna görä, PRO lisenziýasy bolmadyk hünärmen halkara ýaryşlarynda resmi taýdan baş tälimçi bolup bilmeýär. Şonuň üçin Muhadow ýaryş döwründe toparyň baş tälimçisi hökmünde hasaba alyndy, emma tälimçiler ştabynyň gündelik işine Wladimir Baýramow ýolbaşçylyk etmegini dowam etdirdi. Bu tälimçiler ştabynyň ýolbaşçylygynda «Arkadag» öz taryhynda ilkinji gezek «B» toparynda ikinji orny eýeläp, AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finalyna çykmagy başardy. Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň çempiony pley-off tapgyrynda düzüminde Kriştianu Ronaldu, Sadio Mane we Žoau Feliks ýaly dünýä derejeli ýyldyzlary bar bolan Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» kluby bilen duşuşar. Toparlaryň arasyndaky ilkinji oýun 11-nji fewralda Türkmenistanda, jogap oýny bolsa 18-nji fewralda Saud Arabystanynda geçiriler.