BMW geň we howsala döredýän kemçilik sebäpli 2025-nji we 2026-njy model ýyllarynyň 36 922 sany X3 krossowerini yzyna ýygnaýandygyny mälim etdi. Bu barada ABŞ-nyň Ýollarda hereket howpsuzlygynyň milli edarasy (NHTSA) habar berdi. Kemçilik awtoulag Drive režiminde hereketsiz duran wagty we hereketlendiriji işledilende ýüze çykýar. Awtomobil hereket etmese-de, bu uly howsala goýýar. Meseläniň sebäbi ruluň elektrik güýçlendirijisiniň programma üpjünçiligindäki ýalňyşlyk bolup çykdy. Aýlama güýjüniň datçiginiň kanallarynyň birine nädogry signal gelende, ulgam elektrik hereketlendirijisine ýalan impulslary iberýär. Bu hem ruluň dürli tarapa düşnüksiz hereket etmegine getirýär. Kompaniýa meseläniň diňe programma üpjünçiligi bilen baglanyşyklydygyny belledi. Häzire çenli bu kemçiligiň tizlikli hereket wagty ýüze çykan ýagdaýy hasaba alynmady. Näsazlygy düzetmek üçin BMW elektrik güýçlendirijiniň programma üpjünçiligini täzelär. Awtomobilleriň köpüsi zerur programma üpjünçiligini «howa arkaly» alar. Şeýle-de, degişli ulaglaryň eýeleri hyzmat merkezlerinde ulgamy mugt täzelemek üçin resmi dilerlere ýüz tutup biler.