Pol Tomas Andersonyň Leonardo Di Kaprionyň baş keşbi ýerine ýetirmegindäki «Bir söweşden soň beýleki» filmi 31-nji Critics Choice Awards dabarasynda iň gowy film diýlip ykrar edildi. Film režissýorlyk we adaptirlenen ssenariý üçin hem baýrak aldy diýip, Variety neşiri habar berýär. Baýrak her ýyl «Tankytçylaryň saýlany» assosiasiýasy tarapyndan berilýär. Bu baýrak «Oskar» üçin dalaşgärleriň has takyk görkezijisi hasaplanýar. Bu ýylky dabaranyň iň täsirli ýeri, tankytçylaryň Di Kapriony ünsden düşürip, iň gowy erkek keşbi üçin baýragy «Marti Beýik» filmi üçin Timoti Şalamä bermegi boldy. Iň gowy zenan keşbi üçin heýkeli Jessi Bakli («Hamnet») aldy. Baýragyň umumy sany boýunça öňdebaryjylar Raýan Kugleriň «Günäliler» we Gilýermo del Toronyň «Frankenşteýn» filmleri boldy – olaryň her biri, esasan, tehniki kategoriýalarda dört baýrak aldy. «Frankenşteýn» filminde nägehanyň keşbini ýerine ýetiren Jeýkob Elordi ikinji plandaky iň gowy erkek keşbi üçin baýrak aldy. Bu film hudožnik-ýola goýujylaryň işi, saç bezegi, grim we kostýum üçin hem tapawutlandy. «Günäliler» filmi original ssenariý, aktýorlar düzümi we aýdym-saz toplumy ýaly kategoriýalarda ýeňiş gazandy. Baş keşbi ýerine ýetiriji Maýlz Keýton iň gowy ýaş aktýor diýlip ykrar edildi. Esasy kategoriýalarda Critics Choice Awards 2026-nyň ýeňijileri: Iň gowy film — «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой) Iň gowy režissýor — Pol Tomas Anderson, «Bir söweşden soň beýleki» Iň gowy aktýor — Timoti Şalame, «Marti Beýik» (Марти Великолепный) Iň gowy aktrisa – Jessi Bakli, «Hamnet» (Хамнет) Ikinji plandaky iň gowy aktýor — Jeýkob Elordi, «Frankenşteýn» Ikinji plandaky iň gowy aktrisa — Emi Medigan, «Ýaraglar» (Орудия) Iň gowy original ssenariý — «Günäliler» (Грешники) Iň gowy adaptirlenen ssenariý — «Bir söweşden soň beýleki» Iň gowy animasion film — «Keý-pop melgun awçylary» (Кей-поп-охотницы на демонов) Iň gowy komediýa — «Ýalaňaç sapança» (Голый пистолет) Daşary ýurt dilinde iň gowy film — «Gizlin agent» (Секретный агент) Iň gowy drama serialy — «Pitt» Iň gowy komediýa serialy — «Kinostudiýa» Iň gowy mini-serial — «Ýetginjeklik döwri» (Переходный возраст) Daşary ýurt dilinde iň gowy serial — «Kalmar oýny» (Игра в кальмара)