Beýik Britaniýada 21:00-a çenli fastfudyň telewizion mahabatyna resmi gadaganlyk we onuň internetde ýerleşdirilmegine doly gadaganlyk hereket edip başlady. Bu çäreler ýurtda çaga semizligine garşy göreşe gönükdirilýär diýip, The Guardian habar berýär. Beýik Britaniýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat relizine görä, çäklendirme düzüminde duz, şeker we ýag aşa köp bolan 13 önüm kategoriýasyna degişlidir. Täze düzgünleriň berjaý edilmegine gözegçilik Mahabat standartlary boýunça edara (ASA) tarapyndan alnyp barylýar. Mahabatlandyrmak üçin gadagan edilen önümleriň sanawyna sendwiçleriň islendik görnüşi, brezel we «esasan, gurak ertirlik tagamlary bölüminde satylýan ähli önümler» girdi. Mahabat pudagynyň wekilleri bu talaplary oktýabrda meýletin berjaý edip başlady. Geçen Roždestwo baýramçylygynda wideolarda konditer önümleriniň deregine gök-önümler we miweler görkezildi. Degişli edaranyň çaklamalaryna görä, täze düzgünler çagalar tarapyndan kaloriýanyň sarp edilişini ýylda 7,2 mlrd azaltmaga we semizlik hadysasyny 20 müň birlik azaltmaga kömek eder. Bu hem saglygy goraýyş ulgamynyň býujetine, takmynan, 2 mlrd funt sterling tygşytlamaga mümkinçilik berer. Bu üýtgeşmeleriň zerurlygy statistika bilen delillendirilýär: Angliýanyň başlangyç mekdeplerinde okuwçylaryň 22,1%-inde artykmaç agram ýa-da semizlik bolup, okuwyň ahyryna çenli bu görkeziji 35,8%-e ýetýär.