Halkara küşt federasiýasy (FIDE) öz resmi saýtynda dalaşgärleriň we zenan dalaşgärleriň ýaryşlaryna gatnaşyjylaryň sanawyny hödürledi. Bu ýaryşlaryň ýeňijileri dünýäniň küşt täji üçin bäsleşmäge hukuk gazanar. Ýaryşlar 29-njy martdan 15-nji aprel aralygynda Kipriň günorta-günbataryndaky Pafos şäheriniň golaýyndaky otelde geçiriler. Her ýaryşda sekiz gatnaşyjy bäsleşer. Erkekleriň ýaryşyna Fabiano Karuana, Hikaru Nakamura (ikisi-de – ABŞ), Aniş Giri (Niderlandlar), Mattias Blýubaum (Germaniýa), Weý I (Hytaý), Žawohir Sindarow (Özbegistan), Andreý Ýesipenko (Russiýa) we Rameşbabu Pragnanandha (Hindistan) gatnaşar. Zenanlar ýaryşynda Diwýa Deşmukh, Hampi Koneru we Rameşbabu Waýşali (hemmesi – Hindistan), Çžu Sziner, Tan Çžuni (ikisi-de – Hytaý), Aleksandra Gorýaçkina, Ýekaterina Lagno (ikisi-de Russiýa), şeýle-de Bibisara Asaubaýewa (Gazagystan) oýnar. Küşt boýunça häzirki dünýä çempiony hindistanly Gukeş Dommaraju, zenanlaryň arasynda dünýä täjiniň eýesi bolsa hytaýly Szýuý Wenszýundyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir