Kia Hytaýda öz awtomobilleriniň bahalaryny arzanladandygyny mälim etdi. Uly arzanladyşlar ýanwar aýynyň ahyryna çenli hereket edýär we kompaniýanyň ýurtda satylýan ähli model hataryna degişlidir. Şol bir wagtyň özünde, täze bahalar modelleriň ähli wersiýalaryna däl-de, üpjünçilik derejesi ortaça bolan awtomobillere degişlidir. Täzelenen bahalara görä, Kia Carnival 2026 miniweni 228 müň ýuana (takmynan, 32,7 müň dollar) hödürlenýär. Ozal öňdäki herekete getiriji bilen üpjün edilen başlangyç LX 37 müň dollara durýardy. Galan modeller üçin bahalar şeýle görnüşde: Kia Seltos 2026 – 84 müň ýuan (takmynan, 12,0 müň dollar) Kia Sportage – 121 müň ýuan (takmynan, 17,3 müň dollar); Kia Stonic 2026 – 56 müň ýuan (takmynan, 8,0 müň dollar); Kia Sonet – 82 müň ýuan (takmynan, 11,8 müň dollar); Kia K5 – 114 müň ýuan (takmynan, 16,3 müň dollar); Kia K3 – 70 müň ýuan (takmynan, 10,0 müň dollar); Kia KX1 – 60 müň ýuan (takmynan, 8,6 müň dollar). Arzanladylan bahalardan başga-da, modelleriň köpüsi üçin goşmaça bonuçlar göz öňünde tutuldy. Olaryň arasynda kredit boýunça göterim goýumlarynyň bir böleginiň kompaniýa tarapyndan tölenmegi, bellibir mukdara niýetlenen ýangyç karty we bäş mugt tehniki hyzmat bar.