NASA Marsdaky Curiosity enjamy tarapyndan düşürilen panorama suratyny hödürledi. «Baýramçylyk otkrytkasynda» Geýl kraterindäki Şarp dagynyň eňňitleri şekillendirilýär. Fotosuratda günüň dürli wagtynda düşürilen suratlar birleşdirilýär diýip, Phys.org belleýär. Kadrlar 2025-nji ýylyň 18-nji noýabrynda missiýanyň 4722-nji we 4723-nji solunda (sol – bu Ýerdäkiden, takmynan, 40 minut uzak dowam edýän Mars güni) alyndy. Hünärmenler 16:15-de düşürilen suraty ertesi gün 8:20-de düşürilen surat bilen birleşdirdi. Relýefiň gowy görünmegi we suratyň has aýdyň bolmagy üçin hünärmenler reňkleri gaýtadan işledi: säherde düşürilen ýerler gök-mawy reňke, agşamky bolsa altynsow-sary reňke boýaldy. Şeýle kombinirlenen suratlary enjam 2021-nji we 2023-nji ýyllarda-da iberipdi. Curiosity roweri 2012-nji ýylyň awgustyndan bäri Gyzyl planetanyň kraterlerini öwrenýär. 13 ýylyň dowamynda ol Geýl kraterinde organiki molekulalary, uglerod känlerini we gadymy suw howdanlarynyň yzlaryny tapdy. Tower planetanyň klimat taryhyny seljermek üçin buraw enjamyny we spektrometr ulanyp, Şarp dagynyň geologik gatlaklaryny öwrenmegini dowam etdirýär. Missiýanyň ilkibaşda iki ýyla niýetlenendigine garamazdan, inženerler ylmy gözlegleri dowam etdirmek üçin ulgamlaryň işe ukyplylygyny we energiýa netijeliligini saklamagy başardy. Mars enjamy tarapyndan edilen açyşlaryň planetany öwrenmek üçin ähmiýeti uludyr.